Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:22 - Mukaddes Kitap

22 „Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin“. Muny Reb aýdýandyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 „Олар Бабыла әкидилер, олара гайтадан назар салҗак гүнүме ченли, шол ерде галар. Онсоң Мен олары чыкарып, бу ере гайтарып гетирерин“. Муны Реб айдяндыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler.


Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Altyndyr kümüşden ýasalan gap-gaçlaryň ählisiniň jemi bäş müň dört ýüzdi. Sürgün edilenler Babyldan Iýerusalime gaýdyp gelenlerinde, Şeşbasar bu gap-gaçlaryň hemmesini öz ýany bilen getirdi.


Hudaýyň öýüniň hyzmaty üçin özüňe berlen gap-gaçlary hem Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýyňyň huzuryna eltip goý.


Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.


Hawa, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan şol gap-gaçlar hakda şeýle diýýär:


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.


Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr».


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Git-de, Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýüzlenip, oňa Reb şeýle diýýär diý: ‘Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony oda ýakar.


Sen, Sidkiýa, onuň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, adamlar seni tutup, onuň eline tabşyrarlar. Babyl patyşasyny öz gözleriň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra Babyla äkidilersiň.


Sen sag-salamatlykda ölersiň. Senden öň patyşa bolan ata-babalaryň üçin hoşboý ysly tütetgiler ýakyşlary ýaly, seniň üçin-de muny ýakarlar we saňa: ‘Waý, aga!’ diýip aglaşarlar. Çünki muny Men – Reb aýdýandyryn’“».


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ