Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:18 - Mukaddes Kitap

18 Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Эгер олар пыгамбер болян болсалар, Реббиң сөзи оларда болса, онда Реббиң ыбадатханасында, Яхуда патышасының көшгүнде ве Иерусалимде галан гап-гачлар Бабыла әкидилмесин дийип, Хөкмүрован Реббе ялбарсынлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli Reb Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy.


Onsoň siz öz hudaýyňyza, men hem Rebbe dileg ederin. Haýsy hudaý ot bilen jogap berse, şol hakyky Hudaýdyr». Bütin halk bu pikiri makullady.


Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Ýagşylyga ýamanlyk edilermi? Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar. Gazabyňy olardan sowmak, olara ýagşylyk dilemek üçin, huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.


Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.


Eý, Ýermeýa, sen bu halk üçin dileg etme, olar üçin perýat etme, ýalbarma, huzurymda olara töwellaçy bolma, barybir Men seni diňlemerin.


Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.


Indi bize merhemet eder ýaly, Hudaýa ýalbaryp bir görüň!? Şeýle gurbanlyklar hödürläniňizden soň, Ol siziň soraýan zadyňyzy edermikä? Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


Olar Şamuwele: «Hudaýymyz Rebbe biz üçin dileg etmäňi goýma, Ol bizi piliştlileriň elinden halas etsin» diýip ýüzlendiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ