Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:15 - Mukaddes Kitap

15 Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Men – Reb aýdýandyryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Олары Мен ёлламадым, олар сизе Мениң адымдан галп пыгамберлик эдйәрлер. Мунуң нетиҗесинде Мен сизи-де, сизе пыгамберлик эдйән бу пыгамберлери-де ковуп чыкарарын, сизиң барыңыз хеләк боларсыңыз. Муны Мен – Реб айдяндырын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:15
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».


Şonuň üçin pygamberler hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olara ajy ýowşan iýdirjek, zäherli suw içirjek. Çünki Iýerusalim pygamberleriniň hudaýsyzlygy tutuş ýurda ýaýrady“.


Bu pygamberleri Men ýollamadym, olaryň özleri ylgadylar. Olar bilen gepleşmedim, özlerinden pygamberlik etdiler.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň.


Olar size Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym, muny Reb aýdýandyr“.


Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa: „Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy, olar seni ýeňlişe sezewar etdi; batga batdy seniň aýaklaryň, ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ