Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:14 - Mukaddes Kitap

14 Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“ diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сиз: „Бабыл патышасына гуллук этмәң“ диййән пыгамберлериң сөзлерини диңлемәң, чүнки олар сизе яландан пыгамберлик эдйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:14
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Bu pygamberleri Men ýollamadym, olaryň özleri ylgadylar. Olar bilen gepleşmedim, özlerinden pygamberlik etdiler.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň.


„Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede?


Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa: „Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy, olar seni ýeňlişe sezewar etdi; batga batdy seniň aýaklaryň, ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“.


Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler.


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ