Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:12 - Mukaddes Kitap

12 Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен Яхуда патышасы Сидкия хем хут шол сөзлери айдып, шейле дийдим: «Бойнуңыза Бабыл патышасының боюнтырыгыны дакынып, онуң өзүне хем халкына гуллук эдиң ве дири галың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:12
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».


Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».


Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar.


Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“.


Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi:


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwdüm.


Onsoň Ýermeýa Sidkiýa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barsaň, janyň diri galar we bu şäher oda ýakylmaz, öý-içeriň bilen bile diri galarsyň.


Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ