Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 26:9 - Mukaddes Kitap

9 Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Нәме үчин сен: „Бу өй Шило кимин болар ве бу шәхер илатсыз харабачылыга өврүлер“ дийип, Реббиң адындан пыгамберлик этдиң?» дийдилер. Реббиң өйүнде әхли халк Ермеяның дашыны габады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 26:9
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Olar ynsana töhmet atýarlar, kaza duzak gurýarlar, şäher derwezesinde. Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar.


Reb şeýle diýýär: „Siz bu şäher weýran bolup, ynsansyz we haýwansyz çöl bolar diýdiňiz. Emma ilaty galman, ynsansyz we haýwansyz çolaran Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde ýene-de


Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen golýazmany ýakdyň. Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin bu kagyzda ýazdyň diýip, Ýermeýadan soradyň?“.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler.


Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.


Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.


Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.


Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy.


Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy.


Halk Pawlusy şu ýere çenli diňledi, emma bu sözi eşidenlerinde, batly ses bilen: «Bu adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Ol ýaşamaga mynasyp däl» diýip gygyrdy.


Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýohannany goýbermän durka, tutuş halk haýran galyp, olara tarap, Süleýmanyň eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi.


Resullar halk arasynda ençeme alamatlar, mugjyzalar görkezýärdiler. Ähli imanlylar ybadathanadaky Süleýmanyň eýwanynda üýşerdiler.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Onuň aýdyşyna görä, nasyraly Isa bu mukaddes ybadathanany ýok etjekmiş, Musanyň bize beren urp-adatlaryny hem üýtgetjekmiş» diýdiler.


Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ