Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 26:4 - Mukaddes Kitap

4 Olara Reb şeýle diýýär diý: „Eger siz Maňa gulak goýmasaňyz, beren kanunyma görä ýöremeseňiz,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олара Реб шейле диййәр дий: „Эгер сиз Маңа гулак гоймасаңыз, берен кануныма гөрә йөремесеңиз,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 26:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez».


Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.


Siz tütetgi ýakdyňyz, Rebbe garşy günä etdiňiz, Rebbe gulak asmadyňyz, Onuň kanunlaryny, parzlaryny we permanlaryny berjaý etmediňiz. Şonuň üçinem, ine, başyňyzdan bu günki bela-beterler indi».


Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin.


meniň üstüm bilen bu günki siziň öňüňizde Rebbiň goýan ähli parzlaryny we hökümlerini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz.


Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.


Musanyň ysraýyllaryň öňünde goýan Kanuny şudur.


Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik millet barmyka?


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ