Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 26:3 - Mukaddes Kitap

3 Belki, diňlärler we ýaman ýollaryndan dönerler. Şonda Men hem olaryň pis işleri zerarly başlaryndan betbagtlyk indermek niýetimden el çekerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Белки, диңләрлер ве яман ёлларындан дөнерлер. Шонда Мен хем оларың пис ишлери зерарлы башларындан бетбагтлык индермек ниетимден эл чекерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 26:3
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».


Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!»


Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».


Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».


Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.


Erbet adam eden ähli günälerinden toba edip, Meniň ähli parzlarymy berjaý etse, adalaty, dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol hökman diri galar, ölmez.


Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ