Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 26:24 - Mukaddes Kitap

24 Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Эмма Шапаның оглы Ахыкамың Ермеяны гораяндыгы себәпли, ол өлдүрилмәге халкың элине берилмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 26:24
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahudada galdyran halkynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkimlige belledi.


Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Abdona, Şapan mürzä we patyşanyň hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna iberen Şapanyň ogly Elasanyň we Hilkiýanyň ogly Gemarýanyň eli bilen gowşuryldy. Onda şeýle diýilýär:


Şonda Baruk ýokarky howluda, Rebbiň öýüniň Täze derwezesiniň girelgesinde ýerleşýän Şapanyň ogly kätip Gemarýanyň otagynda Ýermeýanyň sözlerini ähli halka eşitdirip okady.


Şapanyň agtygy, Gemarýanyň ogly Mikaýa düýrlenen golýazmadan okalan Rebbiň sözlerini eşidende,


patyşanyň köşgündäki kätibiň otagyna gitdi. Ähli ýolbaşçylar, Elişama kätip, Şemagýanyň ogly Delaýa, Akboryň ogly Elnatan, Şapanyň ogly Gemarýa we Hananýanyň ogly Sidkiýa hem-de ähli köşk emeldarlary ol ýerde otyrdylar.


Onsoň köşk emeldarlary Baruga: «Gidiň-de, Ýermeýa ikiňizem gizleniň, nirededigiňizi hiç kim bilmesin» diýdiler.


Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.


adam ýollap, Ýermeýany garawulhanadan getirtdiler. Olar Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa ony öýüne äkitmegi tabşyrdylar. Şeýdip, Ýermeýa öz halkynyň arasynda galdy.


Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.


Dawa-jenjel şeýle bir gyzdy welin, müňbaşy olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder edip, esgerlere gelip, ony olaryň arasyndan süýräp çykaryp, gala äkitmegi buýurdy.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Emma ýer agzyny açyp, aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny ýuwudyp, aýala kömek etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ