Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 26:19 - Mukaddes Kitap

19 Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Яхуда патышасы Хизкия ве тутуш Яхуда Миканы өлдүрдими? Ёк, Хизкия Ребден горкуп, Оңа ялбарды. Реб-де халкың гаршысына айдан бетбагтчылыгыны гойболсун этди. Биз болсак өз җанымыза элхенч бетбагтлык гетирйәрис!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 26:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.


Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler.


«Baryň-da, meniň üçin Ysraýylda hem Ýahudada galanlar üçin bu tapylan kitapdaky aýdylýan sözler barada Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitapda ýazylan ähli sözlere görä Rebbiň sözüni berjaý etmediler».


Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».


Belki, diňlärler we ýaman ýollaryndan dönerler. Şonda Men hem olaryň pis işleri zerarly başlaryndan betbagtlyk indermek niýetimden el çekerin.


Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy?


Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi. Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi.


Köp halklaryň soňuna çykmak bilen öz öýüňizi utanja goýduňyz, janyňyzdan mahrum bolduňyz.


Beýteliň halky bolsa Rebbe ýalbarmak üçin, Sareseri we Regemmelegi adamlary bilen bile iberipdi.


Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar».


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň».


Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ