Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 26:18 - Mukaddes Kitap

18 «Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 «Яхуда патышасы Хизкияның дөврүнде морешетли Мика пыгамберлик эдип, ол әхли халка Хөкмүрован Реб шейле диййәр дийип йүзленди: „Сион экин мейданы кимин сүрлер. Иерусалим харабачылыга өврүлип, даг депесиндәки ыбадатхананы җеңңеллик басар“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 26:18
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

„Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwdüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.


Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi.


Sanballat öz ýaranlarynyň we Samariýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudylar näme edip ýörler? Olar hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan diwar galdyraýjaklarmyka?»


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury.


Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde olja edip paýlaryn.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler.


Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ