Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 25:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Йөне сиз Мени диңлемедиңиз. Муны Мен – Реб айдяндырын. Өз эллериңизиң ишлери билен гахарымы гетирип, өзүңизе зепер етирдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 25:7
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.


Çünki olar Meniň ýigrenýän işlerimi edip, atalarynyň Müsürden çykan gününden, tä şu güne çenli Meni gazaplandyryp geldiler“».


Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar.


Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.


Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meniň sözlerime gulak asmandygyňyz üçin,


Çünki olar Meniň sözlerimi we gaýta-gaýta özlerine ýollan gullarym bolan pygamberleriň sözlerini diňlemediler. Muny Reb aýdýandyr. Eý, sürgündäkiler, siz hem gulak asmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy?


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ