Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 25:4 - Mukaddes Kitap

4 Reb Özüniň gullary bolan pygamberleri gaýta-gaýta size ýollady, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Реб Өзүниң гуллары болан пыгамберлери гайта-гайта сизе ёллады, эмма сиз диңлемедиңиз, гулак асмадыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 25:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar.


Reb Manaşa we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar.


Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz.


Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar».


Emma olar: „Bidereklik! Biz öz pikirlerimize eýereris, kesirlik bilen öz erbet niýetlerimize görä hereket ederis“ diýerler.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz.


Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz.


size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz,


Çünki olar Meniň sözlerimi we gaýta-gaýta özlerine ýollan gullarym bolan pygamberleriň sözlerini diňlemediler. Muny Reb aýdýandyr. Eý, sürgündäkiler, siz hem gulak asmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Meniň gaýta-gaýta öwredenlerime olar gulak asmadylar, dogry ýola gelmediler.


Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar Maňa gulak asmadylar“».


Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.


Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ