Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 25:30 - Mukaddes Kitap

30 Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker, mukaddes mekanyndan seslener, agylyna garşy güňleç arlar. Bütin dünýäniň ilatyna garşy üzüm sykýanlar kimin gygyrar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Шонуң үчин хем олара гаршы бу сөзлериң барыны пыгамберлик эт-де, шейле дий: „Реб ёкардан награ чекер, мукаддес меканындан сесленер, агылына гаршы гүңлеч арлар. Бүтин дүнйәниң илатына гаршы үзүм сыкянлар кимин гыгырар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 25:30
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Sadoga şeýle diýdi: «Hudaýyň sandygyny yzyna gala äkit. Eger men Rebbiň nazarynda merhemet tapan bolsam, Ol meni ýene-de yzyma gaýtaryp getirer; sandygy hem onuň durýan ýerini görmek maňa ýene miýesser eder.


Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.


Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.


Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.


Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


Etmişim bolmasa-da, maňa hüjüm etmäge olar howlugýar, maňa kömek etmek üçin oýan we seret!


Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.


Gudratly sesiňden halklar gaçýarlar, şan-şöhratyňdan milletler dagaşýarlar.


Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.


Mukaddes öýümiz owal-başdan belende göterilen şöhratly tagt kimindir.


Reb arslan deý süreninden çykdy. Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa, zalymlaryň gaharyndan ýaňa, olaň ýurdy harabalyga döndi».


Mowabyň bol miweli baglaryndan, ekin meýdanlaryndan şatlyk we begenç zym-zyýat boldy. Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim. Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez; şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl.


Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.


Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, olary hiç kim halas etmez.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Mukaddes mekanyň asmandan bize seredip, Öz halkyň Ysraýyly ýalka we ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, bize bagyş eden süýt we bal akýan ýurduňa bereket inder“.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ