Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 25:18 - Mukaddes Kitap

18 Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Бу гүнки болшы ялы харабачылык, ховп, рысвачылык, нәлетленен ер болсун дийип, ондан Иерусалиме, Яхуда шәхерлерине, патышалары билен ёлбашчыларына ичирдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 25:18
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen Öz guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy.


„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Şonuň üçin hem, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Rebbiň gazaby indi. Öz gözüňiz bilen görşüňiz ýaly, olary ile elhençlik, geň-täsinlik we gülki etdi.


Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.


Ine, biz şu güne çenli guldurys. Miwesini, nygmatyny iýsinler diýip ata-babalarymyza beren ýurduňda biz guldurys.


Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.


Şazadalary hiç edýän, dünýäniň hökümdarlaryny puja çykarýan Oldur.


Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Bu gün Men saňa milletleri hem şalyklary sogrup taşlamagy we ýykmagy, ýok etmegi we ýer bilen ýegsan etmegi, gurmagy we bina etmegi tabşyrýaryn».


«Reb şeýle diýýär: „Men Ýahudanyň tekepbirligini we Iýerusalimiň aşa gedemligini hut şonuň ýaly edip çüýrederin.


Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.


Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Olar haraba öwrülen ýurtlardan hem beter haraba öwrüler, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolar.


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn, ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder».


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan ähli gap-gaçlar Rebbe bagyş edilendir. Olar Rebbiň gaznasyna goýulmalydyr».


Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ