Olara şu sözi ýetir, Ysraýyl Hudaýy Reb: „Ähli küýzeler şerapdan dolar“ diýýär diý. Olar saňa: „Ähli küýzäniň şerapdan doljagyny biz näme bilýän däldiris öýdýäňmi?“ diýerler.
Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
«Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“.
Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».
Işdäleri açylan wagty bolsa, Men olara meýlis guraryn. Şatlanyp, ebedi uka gitsinler, hiç wagt oýanmasynlar diýip, olary serhoş ederin. Muny Reb aýdýandyr.
Çünki, siz, ýahudalar, Meniň mukaddes dagymda içdiňiz. Ähli milletler-de hemişe şeýle içerler we ýuwudyp, asla bolmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi jeza käsesinden içerler.
Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.
Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».