Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 24:7 - Mukaddes Kitap

7 Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Оларың йүреклерине Мени танамак ислегини саларын, шонда олар Мениң Ребдигими билерлер. Олар Мениң халкым болар, Мен-де оларың Худайы боларын, чүнки олар тутуш калбы билен Маңа өврүлерлер“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 24:7
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler,


Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni.


«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.


Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.


Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn».


Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.


Şeýdip, ysraýyl halky indi Menden aýrylmaz, günäleri bilen özlerini haram etmezler. Olar Meniň halkym, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men seni ähli eden erbet işleriňden saplanymda, sen muny ýatlap utanar ýaly, utanjyňdan ýaňa agzyňy açmaz ýaly, seniň bilen ähtimi berkarar ederin, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Mundan beýläk özlerini butlary bilen, ýigrenji zatlary bilen ýa-da her dürli jenaýatlary bilen haram etmezler; Men olary eden ähli dönükliginden halas ederin, tämizlärin. Şeýlelikde, olar Meniň halkym bolarlar, Men hem olaryň Hudaýy bolaryn.


Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar.


Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler.


Ýer galla, täze şeraba we zeýtuna jogap bererler. Olar hem Ýizregele jogap bererler.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.


Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr.


Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ