Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 24:5 - Mukaddes Kitap

5 «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Bu ýerden babyllylaryň ýurduna sürgün edilen Ýahuda ýesirlerini bu gowy injirler ýaly ýagşy saýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 «Ысрайыл Худайы Реб шейле диййәр: „Бу ерден бабыллыларың юрдуна сүргүн эдилен Яхуда есирлерини бу говы инҗирлер ялы ягшы саярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 24:5
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.


Şonuň üçin hem, Iýerusalimden Babyla sürgün edilen baryňyz Men-Rebbiň sözüni diňläň“.


«Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkiden ähli adamlaryma şeýle diýýärin:


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.


Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn.


Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki olaryň Hudaýy Reb Mendirin.


Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Emma giýew: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi asla tanamok“ diýip jogap berýär.


Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Emma ynsan Hudaýy söýýän bolsa, ol eýýäm Hudaý tarapyndan tanalýandyr.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ