Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 24:10 - Mukaddes Kitap

10 Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Өзлерине хем ата-бабаларына берен юрдумдан долы ёк болянчалар үстлерине гылыч, ачлык, мерги иберерин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 24:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler.


Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin?


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“».


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar.


Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olaryň üstüne gylyjy, açlygy, mergini ýollaryn. Olary iýip bolmaýan çüýrük injirler kimin ederin.


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Ýa Hökmürowan Reb! Şäher babyllylaryň eline berilse-de, Sen maňa: „Şaýatlaryň gatnaşmagynda ekin meýdanyny kümüş berip, özüňe satyn al“ diýdiň».


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr.


Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“.


Indi bolsa bilip goýuň, gidip, ýaşajak bolýan ýeriňizde siz gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz».


«Olar Rebbiň aýdanyny ret edip, şeýle diýdiler: „Ol hiç zat etmez. Bela-beter başymyzdan inmez, biz uruş ýa-da açlyk görmeris.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men bu halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin.


Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri ýyrtyjy haýwanlara şam ederin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eliňizi maňlaýyňyza, aýaklaryňyzy ýere uruň we şeýle diýiň: „Ysraýyl halkynyň eden ähli pis, nejis işleri üçin waý-u-dat! Olar gylyçdan, açlykdan we mergiden heläk bolarlar.


Daşarda gylyç, içerde mergi we açlyk bar; şäheriň daşyndakylar gylyçdan ölerler; içindäkiler açlykdan we mergiden heläk bolarlar.


Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer.


Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ