Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 24:1 - Mukaddes Kitap

1 Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бабыл патышасы Небукаднесар Яхуда патышасы Ехоякымың оглы Еконяны, Яхуданың ёлбашчыларыны, хүнәрментлер билен демирчилери Иерусалимден Бабыла есир эдип әкитди. Бу вакадан соң Реб маңа Өзүниң ыбадатханасының өңүнде гойлан ики себет инҗири гөркезди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 24:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar.


Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Negebiň şäherleri ýapyldy, olary açjak ýokdur. Bütin Ýahuda sürgün edildi, tutuşlygyna sürgün edildi.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Ýermeýa pygamber sürgündäkileriň arasynda aman galan ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nebukadnesaryň Iýerusalimden Babyla äkiden ähli halkyna Iýerusalimden bir hat ýollady.


Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi.


Agajyň ýokarky şahasyny ýolup, söwdagärleriň ýurduna getirdi, täjirleriň şäherinde ýerleşdirdi.


Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: patyşanyň paýyna düşen bugdaý orlup bolnandan soň, ikinji ekilen ekin gögerip başlan wagtynda, Reb çekirtge sürülerini çozdurdy.


Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady.


Başga bir görnüş arkaly Reb maňa şuny görkezdi: ine, Reb şugul guraly bilen gurlan dim-dik diwaryň ýanynda durdy, elinde bolsa şugul bardy.


Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ