Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:9 - Mukaddes Kitap

9 Pygamberler hakynda: Ýüregim içimde syndy, ähli süňklerim sandyraýar. Reb sebäpli, Onuň mukaddes sözleri sebäpli men serhoş adam kimin, şerabyň ýesiri kimin boldum.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Пыгамберлер хакында: Йүрегим ичимде сынды, әхли сүңклерим сандыраяр. Реб себәпли, Онуң мукаддес сөзлери себәпли мен серхош адам кимин, шерабың есири кимин болдум.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:9
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.


Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.


Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.


Munuň üçin, eý, azap çeken, çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit!


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Olar bu sözleri eşidenlerinde, gorkudan ýaňa biri-birlerine bakyşyp, Baruga: «Biz bu sözleriň ählisini hökman patyşa aýdarys» diýdiler.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Derdime şypa ýokdur, ýüregim ýaralydyr meniň.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler.


oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ