Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:8 - Mukaddes Kitap

8 Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Муңа дерек: ‘Ысрайыл халкының тохум-тиҗини демиргазык юрдундан ве даргадан юртларындан чыкарып гетирен Реббиң барлыгындан ант ичйәрин’ дийилҗек гүнлер гелер. Олар өз юртларында яшарлар“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:8
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, adamlar gaýdyp ysraýyl halkyny Müsürden çykaran Rebden ant içýärin diýmezler.


Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“.


Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler.


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.


„Men halkymy gahar-gazabym, otly gazabym bilen dargadan ýurtlarymdan ýygnaryn. Olary bu ýere yzlaryna getirerin we howpsuzlykda ýaşadaryn.


Bu pis kowumdan aman galanlaryň hemmesi dargadan ýerlerimde ýaşaýşy däl-de, ölümi saýlar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar.


Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlardan ýygnaryn; öz ýerlerine getirip, Ysraýylyň daglarynda, jülgelerinde we ýurduň ähli oturymly ýerlerinde bakaryn.


Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin.


Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“ diýerler.


Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.


Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn.


Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin.


Bize ajaýyp zatlar görkez Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.


Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, çünki Men gözüňiziň alnynda öňki abadançylygyňyzy dikeldip, dünýäniň bütin halklarynyň arasynda size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ