Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.
Sen-de utanjyňyň ýüküni çek. Nejislik bilen eden günäleriň uýalaryňkydan köpdügi sebäpli olara ýeňil höküm çykartdyň. Olar senden has dogry saýyldylar. Munuň üçin utan we öz utanjyňyň ýüküni çek, çünki sen uýalaryňy akladyň.
Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy.