Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:4 - Mukaddes Kitap

4 Olara çopanlar goýaryn, olar indi gorkmazlar, heder etmezler we ýitirim bolmazlar. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олара чопанлар гоярын, олар инди горкмазлар, хедер этмезлер ве йитирим болмазлар. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:4
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Rebbiň sözüni diňläň, eý, milletler, ony uzakdaky kenarlarda yglan edip diýiň: „Ysraýyly dargadan Hudaý ony ýygnar, çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly gorar“.


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn.


Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Ysraýylyň aman galanlary, nähaklyk etmezler, ýalan sözlemezler, agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, olary hiç kim gorkuzyp bilmez».


Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi.


Isa muny «Maňa berenleriňden hiç birini ýitirmedim» diýen sözleriniň berjaý bolmagy üçin aýtdy.


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ