Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:39 - Mukaddes Kitap

39 Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Шонуң үчин хем Мен сизи терк эдип, сизи-де, өзүңизе ве ата-бабаларыңыза берен шәхерими-де хузурымдан айрып ташларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:39
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, Eremiň gündogaryndaky Not ýurdunda mesgen tutdy.


Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.


Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin».


Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.


Öwüdi äsgermeýän özüni heläk edýär, buýrugy saklaýan bolsa sylag-serpaý alýar.


«Men, hawa, Men gepledim, ony Men çagyrdym, Men getirdim, ol öz ýolunda üstünlik gazanar.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.


Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr.


Emma siz: „Rebden gelen pygamberlik sözi“ diýýärsiňiz. Muny Reb aýdýandyr. Men size bu sözleri aýtmaň diýip habar iberen hem bolsam, siz „Rebden gelen pygamberlik sözi“ diýen sözleri ýene aýtdyňyz.


Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».


Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar Maňa gulak asmadylar“».


Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin.


Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.


Neçün Sen bizi ebedilik unudýarsyň? Neçün bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Semiz goýun bilen arryk goýnuň arasynda hökümi Meniň Özüm çykarjakdyryn.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.


Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, seždegähleriňizi ýok ederin.


Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin».


Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, olary hiç kim halas etmez.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ