Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:36 - Mukaddes Kitap

36 Emma mundan beýläk Rebden gelen pygamberlik sözüni agzamarsyňyz, çünki her kes öz sözüni pygamberlik sözi diýip saýýar. Şeýdip, siz diri Hudaýyň, Hökmürowan Hudaýymyz Rebbiň sözlerini ýoýduňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Эмма мундан бейләк Ребден гелен пыгамберлик сөзүни агзамарсыңыз, чүнки хер кес өз сөзүни пыгамберлик сөзи дийип сайяр. Шейдип, сиз дири Худайың, Хөкмүрован Худайымыз Реббиң сөзлерини ёйдуңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:36
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan ähli sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?


Ol seniň aýagyňy taýdyrmaz, seni goraýan Hudaý irkilmez.


Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler! Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr. Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Deňizleriň tupan-harasadyny, onuň tolkunlarynyň güwwüldisini, halklaryň tolgunmasyny ýatyrýan Sensiň.


Egri ýürek ýagşylyk tapmaýar, egri dil bolsa, kynçylyga düşýär.


Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi barada karara gelendigini Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebden eşitdim.


Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Siz pygamberden: „Reb saňa näme jogap berdi? Näme diýdi?“ diýip soramalysyňyz.


Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler.


Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler.


Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Çünki ot içinden gepleýän diri Hudaýyň sesini eşidip, adamzat arasynda biz ýaly ölmän galan barmy?


Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.


Ol ähli hatlarynda şular barada gürrüň açýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirine düşünmek kyndyr. Nadan hem durnuksyz adamlar bu ýazylanlary we beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýmak bilen özleri heläk bolýarlar.


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ