Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:32 - Mukaddes Kitap

32 Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Реб шейле диййәр: „Мен ялан дүйшлер билен пыгамберлик эдйәнлере гаршыдырын. Олар бу дүйшлери айдып, ялан сөзлери ве бош өвүнмелери билен Мениң халкымы аздырярлар. Олары Мен ёлламадым, олара Мен табшырык бермедим. Оларың бу халка асла пейдасы ёк“. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:32
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, baryňyz dereksiz lukmandyrsyňyz.


Çagalary halkyma sütem edýärler, aýallary üstlerinden höküm sürýärler. Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar, ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.


Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


Samariýa pygamberleriniň arasynda Men bu nejis işi gördüm: Bagalyň adyndan pygamberlik edip, olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


‘Reb şeýle diýýär’ diýip, öz bilenlerini aýdýan pygamberlere Men garşydyryn“. Muny Reb aýdýandyr.


«Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“.


Ine, siz dereksiz ýalan sözlere bil baglaýarsyňyz.


Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler.


Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?


Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; ruhanylary ybadathanany harama çykardylar, Kanuny harladylar.


Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Eýsem men öz niýetlänlerimde durnuksyzlyk etdimmi? Ýa-da bulary niýetlänimde bu dünýäniň adamlary ýaly ikigöwünli bolup, ilki «hawa, hawa», soňra-da «ýok, ýok» diýýärinmi?


Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ