Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:29 - Mukaddes Kitap

29 Meniň sözüm ot kimin, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmidir? Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Мениң сөзүм от кимин, гаяны бөлек-бөлек эдйән токмак кимин дәлмидир? Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:29
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Şeýle sözleri aýdandyklary üçin, sözlerimi agzyňda alawa öwrerin. Bu halky bolsa odun ederin, ot olary ýandyryp ýok eder».


Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.


Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.


Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.


Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ