Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:24 - Mukaddes Kitap

24 Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Гизлин ерлерде букуланы Мениң гөрмеҗек гүманым бармы? Муны Реб айдяндыр. Асманы хем ери Мен долдурмаярынмы? Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:24
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Men, hakykatdan-da, özüme üns berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy.


Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.


Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär.


Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.


Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň, ýa Reb, dady-perýadymyň sesini eşit.


Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.


Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.


Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.


Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr.


Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz.


Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň.


Emma Ysawy çuw ýalaňaç edip, Men eşigini sypyraryn, onuň gizlin ýerini äşgär ederin, ol özüni gizläp bilmez. Onuň tohum-tiji, dogan-garyndaşlary, goňşulary heläk bolar, özi-de ýok bolar.


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.


Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ