Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:21 - Mukaddes Kitap

21 Bu pygamberleri Men ýollamadym, olaryň özleri ylgadylar. Olar bilen gepleşmedim, özlerinden pygamberlik etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Бу пыгамберлери Мен ёлламадым, оларың өзлери ылгадылар. Олар билен геплешмедим, өзлеринден пыгамберлик этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:21
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.


Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“ diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler.


Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Men – Reb aýdýandyryn».


Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň.


«Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň.


Olar size Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym, muny Reb aýdýandyr“.


Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi.


Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler.


Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ