Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:19 - Mukaddes Kitap

19 Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup, gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Ине, Реббиң гызгын газабы, харасады гопуп, газаплы ловлаян харасады эрбетлериң башына инер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:19
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň, ähli milletleri masgaralaýaň.


Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,


Tupan geçýär, erbetler ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.


Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.


Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.


Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter, çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar. Ol ähli adamzada höküm çykarar, erbetleri gylyçdan geçirer“. Muny Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, bela milletden-millete ýaýraýar, ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar“.


Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup, gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar-gazaby ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Şol wagt bu halka we Iýerusalime şeýle diýler: «Sähradaky ýalaňaç gaýalardan eziz halkymyň üstüne gyzgyn epgek öwser, bu harman sowurmak ýa-da arassalamak üçin däldir.


Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn.


Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin.


Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.


Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ