Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:16 - Mukaddes Kitap

16 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Хөкмүрован Реб шейле диййәр: „Өзүңизе пыгамберлик эдйән пыгамберлериң сөзлерини диңлемәң, олар сизе бидерек затлар өвредйәрлер. Олар Реббиң агзындан чыкан сөзлери дәл-де, өз йүреклериниң хыялыны сөзлейәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:16
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şuny jar etdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“».


Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.


Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Biziň ikimizem Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da men etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Hudaý ony seniň eliňe berer» diýdiler.


Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň, öwüdi diňlemekden saklanarsyň.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.


Bu pygamberleri Men ýollamadym, olaryň özleri ylgadylar. Olar bilen gepleşmedim, özlerinden pygamberlik etdiler.


Ýalan sözleýän, öz ýürek hilelerini beýan edýän pygamberleriň kalbynda bu haçana çenli dowam eder?


Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin“. Muny Reb aýdýandyr».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň.


Muňa düşüner ýaly paýhasly biri barmydyr? Muny yglan eder ýaly Rebbiň sözlän kişisi kim? Näme üçin ýurt weýran bolup, içinden hiç kim geçmez ýaly, çöl kimin boşap ýatyr?


Eý, aýallar, Rebbiň sözüni eşidiň, agzyndan çykýan söze gulak asyň. Gyzlaryňyza ýas tutmagy, goňşyňyza agy aýtmagy öwrediň.


Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.


Munuň üçin siz indi ýalan görnüşler görmersiňiz we palçylyk etmersiňiz. Men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler.


Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.


Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diýýärler.


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ