Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:12 - Mukaddes Kitap

12 Munuň üçin ýöreýän ýollary olara garaňkydaky sürçek ýer kimin bolar, ol ýerde büdräp ýykylarlar. Çünki jeza ýyly olaryň başyna bela getirerin. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мунуң үчин йөрейән ёллары олара гараңкыдакы сүрчек ер кимин болар, ол ерде бүдрәп йыкыларлар. Чүнки җеза йылы оларың башына бела гетирерин. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:12
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar.


Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.


Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini.


Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn».


Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.


Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.


Olardan aman galany bolmaz. Çünki wagty gelende, Men anatot halkynyň başyndan betbagtlyk indererin».


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak! Kimi beýle güne salanyňy gör! Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi? Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi?


Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.


Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ