Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 23:1 - Mukaddes Kitap

1 «Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Мениң өримиң гоюнларыны ёк эдип, даргадян чопанларың вай халына! Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 23:1
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri.


Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Tutulanynda ogrynyň utanyşy dek, ysraýyl halky-da, onuň patyşalary-da, ýolbaşçylarydyr ruhanylary-da, pygamberleri-de utandylar.


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.


Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler.


Siz ejiz goýunlaryň ählisini kowup, tä uzaklara dargadýançaňyz, ýanbaşyňyz we çigniňiz bilen itýärsiňiz, şahyňyz bilen süsýärsiňiz.


Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Baýramçylyklarda Iýerusalim gurbanlyk sürüsi bilen näçe doly bolsa, weýran edilen galalar-da adamlardan şonça doly bolar. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Çopanlara garşy tutaşdy gaharym, baştutanlary jezalandyraryn. Hökmürowan Reb Öz sürüsiniň – Ýahuda nesliniň aladasyny eder, olary buýsançly söweş aty kimin eder.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler.


Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.


Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr.


Menden öň gelenleriň ählisi ogrudylar hem garakçydylar, goýunlar olara gulak asmadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ