Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:9 - Mukaddes Kitap

9 Olara şeýle jogap bererler: ‘Olar özleriniň Hudaýy Rebbiň ähtini terk etdiler, başga hudaýlara sežde we gulluk etdiler’“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Олара шейле җогап берерлер: ‘Олар өзлериниң Худайы Реббиң әхтини терк этдилер, башга худайлара сежде ве гуллук этдилер’“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.


Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“.


Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“.


Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular.


Olara Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Bu ähtiň şertlerine gulak asmadyk adama nälet bolsun!


Şonda sen olara Reb, ine, şeýle aýdýar diý: „Bu siziň ata-babalaryňyzyň Meni terk edendikleri üçindir. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşdüler, olara gulluk hem sežde etdiler. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy ýerine ýetirmediler.


Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.


Reb şeýle diýýär: «Olar özlerine beren kanunymy ret etdiler, sözüme gulak asmadylar, ol boýunça hereket etmediler.


Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Olaryň erbet ýollaryny we işlerini göreniňizde, size teselli bererler we siz Meniň Iýerusalimde eden ähli işlerimi biderek ýere etmändigimi bilersiňiz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular.


Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.


Ähli milletler: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ