Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:8 - Mukaddes Kitap

8 Köp milletler bu şäheriň ýanyndan geçende, biri-birine: ‘Bu beýik şäheri Reb näme üçin beýtdikä?’ diýerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Көп миллетлер бу шәхериң янындан геченде, бири-бирине: ‘Бу бейик шәхери Реб нәме үчин бейтдикә?’ диерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:8
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu sözleriň ählisini halka ýetireniňde, olar saňa: „Näme üçin Reb biziň üstümizden bu elhenç betbagtlygy inderjegini aýtdyka? Biziň ýazygymyz näme? Hudaýymyz Rebbe garşy biz näme günä etdikkäk?“ diýerler.


Janpenalaryň baştutany Ýermeýany ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Bu ýurduň üstünden betbagtlyk inderjekdigi hakynda Hudaýyň Reb aýdypdy.


Ine, ony inderip, aýdyşy ýaly hem etdi. Bu zatlaryň bary Rebbe garşy günä edendigiňiz we Oňa gulak asmandygyňyz üçin siziň başyňyzdan indi.


Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.


Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Olaryň erbet ýollaryny we işlerini göreniňizde, size teselli bererler we siz Meniň Iýerusalimde eden ähli işlerimi biderek ýere etmändigimi bilersiňiz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular.


Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.


Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ