Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:6 - Mukaddes Kitap

6 Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Чүнки Яхуда патышасының көшги барада Реб шейле диййәр: „Сен гөзүме гөзел Гилгат токайы дей, Ливан агачларына бүренен даг дей болсаң-да, Мен сени хөкман чөллүге, илатсыз шәхере өврерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:6
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar.


Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.


Aýaklary sap altyn üstünde oturdylan mermer sütünler deý, görki Liwan deý, saýlama kedr agaçlary deý.


Diwarly şäher terk edilýär, çöl kimin terk edilen, taşlanan ýurtdyr bu; göleler ol ýerde otlap, agaçlaryň şahalaryny iýýärler; ol ýerde ýatýarlar.


Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: ‘Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň beýik depesine, gür jeňňeline baryp ýetdim.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Ýahuda patyşasynyň nesline aýt, Rebbiň sözüne gulak asyň diý:


Men sizi eden işleriňize görä jezalandyraryn, tokaýyňyza ot bererin, ot töweregiňizdäki zatlary ýakyp ýandyrar“». Muny Reb aýdýandyr.


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar, göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar. Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup: çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler.


Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».


Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!


Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde,


Maňa Iordanyň aňyrsyna geçip, gowy ýurdy, ýagny daglygy we Liwany görmäge rugsat et“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ