Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:28 - Mukaddes Kitap

28 Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Бу Ехоякын диен адам әсгерилмейән дөвүк күйзе болуп, хич киме герекмеҗек гапдыр. Ол несли билен бирликде өзлериниң танамаян юрдуна ташланды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:28
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.


Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýehoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz.


Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».


Siziň şu ýurda ýene dolanasyňyz geler, ýöne oňa hiç wagt ýüzüňiz düşmez».


Reb şeýle diýýär: «Bu adamy zürýatsyz, ömründe işi oňuna bolmajak adam diýip ýazyň. Çünki indi onuň neslinden hiç kimiň işi oňuna bolmaz, hiç biri Dawut tagtynda oturmaz we Ýahudada höküm sürmez».


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi.


Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Ysraýyl ýuwudylandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ