Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“».
Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.
Ýaşamak üçin Müsüre giden ýahudalylaryň aman galanlarynyň hiç biri-de gaçyp gutulmaz, diri galyp, Ýahuda ýurduna dolanyp barmaz. Ol ýere dolanyp barmagy näçe isleseler-de, ol ýerden gaçanlaryň diňe käbiri dolanyp barar“».