Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:26 - Mukaddes Kitap

26 Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Сен билен сени догран эҗеңи өзүңизиң догулмадык ериңиз болан башга юрда зыңарын, шол ерде-де өлерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:26
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi.


Ýehoýakyn patyşa bolanda on sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Nehuşta iýerusalimli Elnatanyň gyzydy.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň ýesirliginiň otuz ýedinji ýylynyň on ikinji aýynyň ýigrimi ýedisine Ewilmerodak Babyla patyşa bolup, Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny ýesirlikden boşatdy.


Şeýdip, Ýehoýakyn özüniň ýesirlikdäki eşiklerini çalşyrdy. Ol bütin ömrüne patyşanyň saçagyndan naharlandy.


Onuň gündelik eklenji ömrüniň ahyryna çenli hemişe patyşa tarapyndan berildi.


Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup,


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.


Siziň şu ýurda ýene dolanasyňyz geler, ýöne oňa hiç wagt ýüzüňiz düşmez».


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi.


Ýaşamak üçin Müsüre giden ýahudalylaryň aman galanlarynyň hiç biri-de gaçyp gutulmaz, diri galyp, Ýahuda ýurduna dolanyp barmaz. Ol ýere dolanyp barmagy näçe isleseler-de, ol ýerden gaçanlaryň diňe käbiri dolanyp barar“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ