Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:24 - Mukaddes Kitap

24 Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Өз барлыгымдан ант ичйәрин, муны Мен – Реб айдяндырын. Эй, Яхуда патышасы Ехоякымың оглы Ехоякын, саг элимдәки мөхүр йүзүги болаянам болсаң, Мен сени чыкарып ташларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:24
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.


Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi.


Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymdan Ýekonýa, Ýekonýadan Sidkiýa doguldy.


Ýehoýakyn patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý, on gün patyşalyk etdi. Ýehoýakyn Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.


Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy.


Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi.


Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ