Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:23 - Mukaddes Kitap

23 Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эй, Ливанда месген тутан, кедр агачларында хөвүртге ясан! Сени чага догуряныңкы ялы бургыдыр санҗы гуршанда, чекерсиң ахы-нала!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:23
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’


Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.


Ýalaňaç gaýalardan bir ses eşidilýär, bu ysraýyl halkynyň agysy hem ahy-nalasydyr. Çünki olar ýollaryny urdurdylar, özleriniň Hudaýy Rebbi unutdylar.


Eý, Mowabyň ilaty, şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň. Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde ýasan gögerçin kimin boluň.


Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.


«Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi.


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.


Gazyp ölüler dünýäsine girseler-de, elimi uzadyp, olary ondan çykararyn. Olar göge çyksalar-da, ol ýerden aşak düşürerin.


Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da, höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da, ol ýerden Men seni aşak düşürerin!» Muny Reb aýdýandyr.


Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!


Onsoň ol keýnlere bakyp, şeýle diýdi: «Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde, ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ