Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:22 - Mukaddes Kitap

22 Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Әхли ёлбашчыларыңы ел әкидер, ойнашларың сүргүн эдилер. Шонда эден писликлериңден яңа, утанҗа галып, боларсың рысва.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri.


Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy, indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen. Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.


Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.


Eý, sen, weýran bolan şäher! Sen gyrmyzy eşikler geýseň-de, altyn şaý-sepler dakynsaň-da, gözüňe sürme çekseň-de, gazanan zadyň bolmaz. Özüňi biderek ýere bezeýärsiň. Oýnaşlaryň seni ýigrenýärler, olar seniň janyňyň kastyna çykdylar.


Pygamberler şemal ýalydyr, Rebbiň sözi olara aýan däldir. Bu külpetler olaň öz başyndan insin!“».


Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».


Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».


Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ