Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:18 - Mukaddes Kitap

18 Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär: „Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’ ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar. ‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip, onuň üçin ýas tutup aglamazlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мунуң үчин Яхуда патышасы Ёшыяның оглы Ехоякым хакда Реб шейле диййәр: „Онуң үчин: ‘Вай, гардашым!’ я-да ‘Вай, җигерим!’ дийип яс тутмазлар. ‘Вай, ага!’ я-да ‘Вай, онуң алыхезретлери!’ дийип, онуң үчин яс тутуп агламазлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:18
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan! Juda eziz bolupdyň maňa. Zenan söýgüsinden-de artykdy söýgiň maňa.


Pygamber jesedi öz mazarlygynda goýup: «Wah dogan, dogan!» diýip, ogullary bilen Hudaýyň adamynyň ýasyny tutdy.


Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy.


Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi.


Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakyn onuň ýerine patyşa boldy.


Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum.


Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.


Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.


Ýahuda patyşasynyň nesline aýt, Rebbiň sözüne gulak asyň diý:


Ölen üçin aglaman, oňa ýas tutman, eýsem sürgüne giden üçin zar-zar aglaň, çünki ol indi öwrülip gelmez, dogduk mekanyny görmez.


Ýesir edilip äkidilen ýerinde öler we bu ýurdy gaýdyp görmez“.


Sen sag-salamatlykda ölersiň. Senden öň patyşa bolan ata-babalaryň üçin hoşboý ysly tütetgiler ýakyşlary ýaly, seniň üçin-de muny ýakarlar we saňa: ‘Waý, aga!’ diýip aglaşarlar. Çünki muny Men – Reb aýdýandyryn’“».


Munuň üçin Reb Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada şeýle diýýär: „Onuň neslinden hiç kim Dawut tagtynda oturmaz. Jesedi gündiziň yssysyna, gijäniň aýazyna taşlanar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ