Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:17 - Mukaddes Kitap

17 Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эмма сениң гөзүң ве йүрегиң харам газанҗа, бигүнә ган дөкмәге, зулум хем зорлук этмәге дикилипдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:17
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


Ýehoýakym edil ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Ýehoýakymyň galan işleri, onuň eden ýigrenji işleri we gabahatlyklary barada Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. Onuň ýerine ogly Ýehoýakyn patyşa boldy.


Aýagym ýoldan çykan bolsa, ýüregim gözüme eýeren bolsa, ellerime gara ýokduran bolsam,


Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»


Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.


Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.


Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.


Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.


Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar.


Reb şeýle diýýär: „Adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň, ezileni zalymyň elinden halas ediň; gelmişege, ýetim bilen dul aýala azar bermäň, zorluk etmäň, bu ýerde nähak gan dökmäň.


«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň, diwaryna çykmak üçin ýapgyt guruň. Bu şäher jezalandyrylmalydyr, munuň içinde zulumdan başga zat ýokdur.


gelmişege, ýetim bilen dul hatyna zulum etmeseňiz, bu ýerde nähak gan dökmeseňiz, özüňize zyýan ýetirýän başga hudaýlaryň yzyna düşmeseňiz,


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.


Ol arslanlar arasynda gezdi, şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýmäge başlady.


Olaryň galalaryny ýykdy, şäherlerini weýran etdi. Ýurt we onuň içindäkiler arryldysyndan ýaňa çolardy.


Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.


Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.


Siony gan bilen, Iýerusalimi adalatsyzlyk bilen bina edýänler!


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi,


ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ