Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi.
Faraon Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehogahaz şol ýerde öldi.
Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär: „Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’ ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar. ‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip, onuň üçin ýas tutup aglamazlar.
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.