Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 22:11 - Mukaddes Kitap

11 Kakasy Ýoşyýanyň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolan we ol ýerden çykyp gaýdan Şallum hakynda Reb şeýle diýýär: „Ol bu ýere indi öwrülip gelmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Какасы Ёшыяның ерине Яхуданың патышасы болан ве ол ерден чыкып гайдан Шаллум хакында Реб шейле диййәр: „Ол бу ере инди өврүлип гелмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 22:11
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi.


Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa goýdular.


Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.


Faraon Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehogahaz şol ýerde öldi.


Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum.


Şeýle hem, efraýymlardan bolan käbir baştutanlar: Ýehohananyň ogly Azarýa, Meşillemotyň ogly Berekýa, Şallumyň ogly Hizkiýa we Hadlaýyň ogly Emasa dagy uruşdan gelýänleriň garşysyna çykyp, olara:


Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary Hulda atly aýal pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokadyň ogly Şallumyň aýalydy, ol Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy.


Siziň şu ýurda ýene dolanasyňyz geler, ýöne oňa hiç wagt ýüzüňiz düşmez».


Amonyň ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalyk sürýän döwründe Kuşynyň ogly, Gedalýanyň agtygy, Amarýanyň çowlugy, Hizikiýanyň ýuwlugy Sepanýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ