Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 21:9 - Mukaddes Kitap

9 Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Бу шәхерде галан гылычдан, ачлыкдан ве мергиден өлер, эмма дашары чыкып, өзлерини габан бабыллыларың элине дүшен өз җаныны гутарып аман галар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 21:9
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».


Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“».


Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.


Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi?


«Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“.


Reb şeýle diýýär: „Bu şäher, elbetde, Babyl patyşasynyň goşunynyň eline berler, ol ony basyp alar“».


Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, Maňa bil baglandygyň üçin, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň“. Muny Reb aýdýandyr».


Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ