Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 21:7 - Mukaddes Kitap

7 Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мундан соң Яхуданың патышасы Сидкияны, онуң эмелдарларыны, бу шәхериң илатыны урушдан, ачлыкдан ве мергиден аман галанларың барыны Бабыл патышасы Небукаднесарың, өз җанларының кастына чыкан душманларының элине берерин. Небукаднесар олары гылычдан гечирер, олары гайгырмаз, олара хайпы гелмез ве йүреги авамаз. Муны Реб айдяндыр“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 21:7
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Eý, Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar? Seniň üçin kim aglar? Hal-ýagdaýyňy soramak üçin ýolundan sowlup, kim seniň ýanyňa geler?»


Ýedi çagaly aýal demi-demine ýetmän jan berdi. Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy, ol utanja galyp, masgara boldy. Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň öňünde gylyja tabşyraryn». Muny Reb aýdýandyr.


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer.


Seni janyňyň kastyndakylaryň, gorkýan adamlaryňyň eline, Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen babyllylaryň eline bererin.


Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa babyllylaryň elinden gaçyp gutulyp bilmez, gaýtam, ol Babyl patyşasynyň eline tabşyrylar we ony öz gözleri bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşer.


Sen, Sidkiýa, onuň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, adamlar seni tutup, onuň eline tabşyrarlar. Babyl patyşasyny öz gözleriň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra Babyla äkidilersiň.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen golýazmany ýakdyň. Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin bu kagyzda ýazdyň diýip, Ýermeýadan soradyň?“.


Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak! Kimi beýle güne salanyňy gör! Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi? Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi?


Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seni öz ýigrenen adamlaryňyň, kalbyňyň ýigrenenleriniň eline bererin.


Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz.


Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin».


Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi.


Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ