Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 21:4 - Mukaddes Kitap

4 «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 «Ысрайыл Худайы Реб шейле диййәр: „Сизиң дашкы диварларыңызы габаян Бабыл патышасы билен бабыллыларың гаршысына уланян элиңиздәки ярагларыңызы ызына өврерин. Оларың хеммесини бу шәхериң ортасына үйшүрерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 21:4
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer.


Ýermeýa olara Sidkiýa şuny aýdyň diýdi:


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar.


Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr».


„Esgerler babyllylar bilen söweşmäge çykarlar, emma olar öýleri gahar-gazabymda heläk eden ynsanlarymyň jesetlerinden doldurarlar. Şol ynsanlaryň eden ähli erbetlikleri üçin, Men bu şäherden ýüzümi gizledim.


Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».


Babyl patyşasynyň ähli ýolbaşçylary içerik girip, Ortaky derwezede oturdylar. Olar: samgarly Nergal Şareser, köşk emeldary Nebosarsekim, baş geňeşçi Nergal Şareser we patyşanyň ähli beýleki ýolbaşçylarydy.


Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler.


Çogýan gahary bilen Ysraýylyň ähli güýjüni ýok etdi. Duşman çozanda sag elini yza çekdi. Daş-töweregini oda berip, alawly ot kimin Ýakubyň ýurduny ýakdy.


Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi.


Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady, mukaddes öýüni terk etdi. Köşkleriniň diwarlaryny duşmanyň eline berdi. Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.


Sol eliňden ýaýyňy, sag eliňden okuňy urup gaçyraryn.


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ